Satyn alyjylara
1. Sargydy nähili ýerleşdirilmeli

Harydy saýtymyzda saýlaň, ony sebede goşuň we öz aragatnaşyk maglumatlaryňyzy belläň ýa-da bize jaň edip bilersiňiz. Sargydyňyzy ýerleşdireniňizden soňra menejerimiz sargydy tassyklamak we eltip bermegiň aýratynlyklaryny anyklamak  üçin siz bilen habarlaşar.

2. Sargydy ýerleşdireniňizde registrasiýa gerekmi?

Ýok, registrasiýa gerek däl. Siz sargydyňyzy maksimum çalt ýerleşdirip bilersiňiz – sadaja öz aragatnaşyk maglumatlaryňyzy belläň we biziň menejerimiz sargydy tassyklamak üçin siz bilen habarlaşar.

3. Sizde fiziki dükan işleýärm?

Biz dolulygyna onlaýn işleýäris. Fiziki dükanymyz ýok – ähli sargytlar kurýeriň üsti bilen şäher boýunça eltilýär.

4. Eltip bermek hyzmaty nädip işleýär?

Eltip bermek hyzmaty her gün ýerine ýetirilýär. Eltip berilýän watgy ýerleşýän ýeriňize we kurýerleriň häzirki iş göwrümine bagly.

5. Haýsy töleg görnüşleri elýeterli?

Töleg sargydy kabul edeniňizde nagt görnüşinde ýerine ýetirilýär. Tölegi harydy diňe barlanyňyzdan soň edýärsiňiz – bu amatly we howpsyz şert.

6. Tölegden öň harydy barlap bolýarmy?

Hawa, siz harydy alanyňyzda ony barlap bilersiňiz, onuň ýagdaýyna we koplektliligine göz ýetirip bilersiňiz.

7. Ähli harytlar barmy?

Esasy harytlar göni elýeterli. Ýöne käbir görnüşlerini anyklamak gerek – sargydy işlände menejer onuň barlygyny tassyklar. Eger haryt ýok bolsa, biz başga bir görnüşi hödürläris ýa-da sargyt boýunça üpjünçiligi resmileşdireris.

8. Siz sargyt boýunça harytlary üpjün edýärsiňizmi?

Hawa, biz katalogda ýok harytlary hem üpjün edip bilýäris. Modeli barada habar beriň – biz onuň elýeterligini we bahasyny anyklarys.

9. Gerek harydy sargyt edip bolarmy, nädip anyklamaly?

Bize modeliň adyny ýa-da suratyny iberiň – biz üpjün edijilerden barlygyny barlarys we eltip bermegiň mümkinçiligini habar ederis.

10. Harydy üpjün etmegi boýunça näçe wagtda ýetirilýär?

Wagt üpjün edijiden we modelden bagly. Barlandan soň menejer harydyň takmynan geljek wagtyny habar eder.

11. Üpjün ediljek harydy üçin öňünden tölegini etmelimi?

Hawa, üpjün ediljek harydy resmileşdirmek üçin öňünden tölegi gerek. Onuň möçberi menejer bilen gepleşilýär we harydyň kategoriýasyna görä kesgitlenilýär. Galany töleg harydy alanyňyzdan soň tölenilýär.

12. Harytlara kepillik barmy?

Satylýan ähli harytlara biziň dükanymyzyň kepilligi hereket edýän. Kepilligiň möhleti harydyň görnüşine görä kesgitlenilýär.

13. Harytda kemçilik bar bolsa näme etmeli?

Biz bilen habarlaşyň - kepillik  düzgünlerine laýyklykda biz harydy çalyşmaga ýa-da yzyna tabşyrmaga kömek ederis.

14. Maslahaty nähili alyp bolar?

Biz hemişe kömek etmäge taýýar. Biz bilen telefon ýa-da sosial setleri boýunça habarlaşyn – harydyň häsiýetleri barada habar bereris, modelleri deňeşdireris we amatly görnüşi saýlamaga kömek ederis.

15. Soraglar galan bolsa?

Bize ýazyň ýa-da jaň ediň – biz harytlar, sargytlar we eltip bermegi bilen bagly ähli soraglara jogap bereris.